تورک بالاسی TÜRK BALASI

TÜRK DÜNYASI UŞAQ ƏDƏBİYYATI

Döwhä goja ogly Däli Domrul

+0 BƏYƏN

 

Gorkut Atanyň kitaby:

 Döwhä goja ogly Däli Domrul 

Oguz illerinde Döwhä goja ogly Däli Domrul diýen bir är bardy. Ol bir gury çaýyň üstünden köpri gurup, kim şondan geçse, otuz üç akja (akja: teňňe, pul – Ak Welsapar) alyp, geçmedikden-de, gaýta ura-ura, kyrk akja alardy. Muny etmesiniň sebäbi onuň özüne aşa göwni ýeterdi. Onsoň ol: “Dünýäde menden däli, menden güýçli är tapylsa, ol meniň bilen söweşe çyksa. Şonda meniň ärligim, batyrlygym, çalasynlygym, ýigitligim Ruma, Şama ýetip, äleme ýaýrardy!” diýerdi.
Bir gün şol köprüniň ýamajyna bir oba göçüp geldi. Şol obada bir ýagşy ýigit dünýäden ötdi. Allanyň emri bilen ol ýigit öldi. Kimse ogul diýu, kimse gardaş diýu, aglaşdylar. Ol ýigit üçin uly ýas baglandy. Duýdansyz ýerden Däli Domrul bu oba atyny çapdyryp ýetip geldi, aýdar: 
   – Meniň köprümiň ýanynda näme üçin aglarsyňyz, bu ýas, bu gowga näme?
   Olar: 
   – Hanym, biziň bir ýagşy ýigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin aglaşarys – diýip, jogap berdiler.
   Däli Domrul:
   – Siziň ol ýigidiňizi kim öldürdi? – diýdi.
   Olar aýtdylar:
   – Alla tagaladan buýruk boldy. A:l ganatly Ezraýyl onuň janyny aldy.
   Däli Domrul:
   – Ol adamyň janyny alýan Ezraýyl diýýäniňiz kimdir? – diýip sorady. – Eý, kadyr Alla, birligiň, barlygyň haky üçin Ezraýyly bir meniň gözüme görkez! Onuň bilen söweşeýin, çekişeýin, dikleşeýin, bu ýagşy ýigidiň janyny gutaraýyn! Gaýdybam Ezraýyly ýagşy ýigitleriň janyny almaz ýaly edeýin! – diýdi. 
   Däli Domrul ol ýerden gaýtdy, döndi, öýüne geldi. Hak tagalaga Domrulyň sözi ýakmady. 
   – Bakyň, bakyň! Däli kişi meniň birligimi bilmez, birligime şükür kylmaz. Meniň dergähimde men-menlik eýlär – diýdi. Ezraýyla buýruk etdi:
   – Ezraýyl, sen bar-da, ol däli kişiniň gözüne görüngil. Onuň meňzini saraltgyl! Harladyp, janyny algyl! – diýdi.
   Däli Domrul kyrk ýigidi bilen iýip-içip oturardy. Duýdansyz ýerden Ezraýyl onuň gapdalyndan çykdy. Ezraýylyň öýe girenini ne çawuş gördi, ne gapy sakçysy. Ine, birdenkä Däli Domrulyň görer gözi görmez oldy, tutar elleri tutmaz oldy, dünýä-älem gözlerine garaňkyrap göründi. Däli Domrul ner kibi kükreýip, gygyrdy:

– Ja:n, ne haýbatly goja sen?!
Gapyçylar seni görmedi, çawuşlar seni duýmady,
Meniň görer gözüm görmez oldy, tutar ellerim tutmaz oldy!
Titredim, janym joşa geldi,
Altyn käsäm elimden ýere gaçdy, 
Agzymyň içi buz kibi, süňklerim duz kibi oldy!
Eý, sakgaljygy akja goja, gözjagazy çöňňe goja!
Mere, ne haýbatly goja sen, diýgil maňa! 
Gadam-belam tokunar bu gün saňa! –

diýdi. 
   Beýle diýgeç, Ezraýylyň gahary gelip:
   – Eý, Däli, gözümiň çöňňeligine ne begenmez sen, gözi görkli gyzlaryň, gelinleriň janyny köp aldym. Sakgalymyň agaranyna ne begenmez sen, ak sakgally, gara sakgally ýigitleriň janyny köp aldym. Sakgalymyň aklygynyň manysy budur – diýdi. – Hä, ýeri, sen: “Ezraýyl bir elime düşse, ony öldürip, ýagşy ýigitleriň janyny onuň elinden gutarsam” diýerdiň. Ine, däli, indi men seniň janyňy almaga geldim. Janyňy berermiň ýa-da meniň bilen jeň edermiň? – diýdi.
   Däli Domrul:
   – Hä, şol a:l ganatly Ezraýyl senmi? – diýdi.
   Ezraýyl:
   – Hawa, men – diýdi.
   – Şu ýagşy ýigitleriň janyny alýan hem senmi?
   – Hawa, men.
   Däli Domrul:
   – Aý, saklawlar, gapylary ýapyşdyryň! – diýip gygyrdy. Soňra 
   Ezraýyla garap:
   – Men seniň bilen giň ýerde duşuşmagy arzuw ederdim. Emma dar ýerde elime düşdüň, indi men seni öldürip, ýagşy ýigitleriň janyny gutararyn! – diýdi.
   Ol gara gylyjyny syryp, Ezraýyly çapmak üçin hemle kyldy. 
   Ezraýyl kepderi sypatyna öwrülip, penjireden çykyp, uçup gitdi.
   Däli Domrul el çarpyp, loh-loh güldi.
   – Ýigitler, görüň Ezraýyly, men ony gaty gorkuzdym, ol gyssanjyna giň gapyny taşlap, dar penjireden guş bolup uçup gitdi, her ýere gitse-de, men ony sypdyrmaryn! – diýdi.
   Ol ýaraglanyp atlandy, kowup gitdi, meýdanda bir-iki sany gögerçini öldürip, öýüne gaýtdy.
   Ýolda Ezraýyl onuň atynyň gözüne göründi – at ürkdi. Däli Domruly göterip, ýere çaldy. Ezraýyl onuň üstüne münüp, bogup başlady. Däliniň bogazy harlamaga başlady.
   Däli Domrul:

– Aý Ezraýyl, aman!
Taňrynyň birligine ýokdur güman.
Men seni beýle bilmez idim,
Ogryn jan aldygyň duýmaz idim,
Depesi beýik biziň daglarymyz olar,
Ol daglarymyzda baglarymyz olar,
Ol baglaryň gara salkymlary – üzümi olar,
Ol üzümi sykarlar – al şeraby olar.
Ol şerapdan içen esrik olar,
Şeraplar içdim doýmadym –
Ne sözledim, bilmedim,
Beglik bile osmadym.
Ýigitlik bile duýmadym –
Janym alma, Ezraýyl, medet!

   Onda Ezraýyl aýtdy: 
   – Aý, Däli, maňa näme ýalbarar sen? Allatagala ýalbar. Men hem bir ýumuş oglany, başga bir elimden gelýän zat ýok.
   Däli Domrul:
   – Ýa-da jan berip, jan alýan Alla tagalamy? – diýdi.
   – Hawa, şonuň özüdir.
   – Onda sen bu ýerde näme işlär sen? Sen aradan aýryl, men Allanyň özi bilen sözleşjek.
   Soňra ol Alla ýüzlenip:
   – Sen hemmelerden belent sen, sen hud mömunler köňlündesen. Eger meniň janymy almakçy bolsaň, özüň al, meniň janymy Ezraýyla aldyrma! – diýdi.
   Däli Domrulyň bu sözleri Hudaýa hoş geldi:
   – Eý, Ezraýyl, Däli meniň birligime şükür kyldy; eý Ezraýyl, Däli Domrula söýle: eger Däli Domrul jan ýerine jan tapyp berse, onuň öz jany azat bolsun!
   Däli Domrul aýdýar:
   – Men nähili jan tapaýyn? Ýöne meniň garry atam bilen garry enem bar. Gel, şolaryň ýanyna gideli, belki, ikisinden biri janyny berer.
   Däli Domrul sürdi, atasynyň ýanyna geldi, onuň ellerinden ogşap, söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş:

– Ak sakgally, eziz, yzzatly, janym atam! 
Biler bolsaň, näler oldy:
Küpür söz sözledim.
Hak tagalaň hoşuna gelmedi.
Gökden a:l ganatly Ezraýyla emr etdi.
Ol uçup gelip, döşüme basyp mündi
Harladyp, meniň süýji janymy alar boldy. 
Atam, indi senden jan dilär men, jan berermiň?
Ýogsa-da, “Ogul, Däli Domrul!” diýu aglarmy sen?
Onda atasy aýdar:
– Ogul-ogul, aý ogul!
Janymyň parasy ogul! 
Dogdugynda, dokuz bugra öldürdigim, arslan ogul!
Altyn tüýnük ak öýümiň gabsasy ogul!
Gaza meňzär gyzymyň, gelnimiň güli, ogul!
Garşydaky gara dagym gerekse, söýle, 
Gelsin, ol Ezraýylyň ýaýlasy olsun.
Sowuk suwly bulaklarym gerekse, oňa içit olsun.
Teble-teble şabaz atlarym gerekse, oňa minit olsun.
Hatar-hatar düýelerim gerekse, oňa ýüklet olsun.
Agyldaky akja goýnum gerekse, oňa iýmit olsun.
Altyn, kümüş pul gerekse, oňa harçlyk olsun. 
Belli bilgil, dünýä şirin, jan süýji, janym saňa gyýa bilmen!
Ýöne söýgüli eneň ýanyna bar, ol janyny berer, belki?

   Däli Domrul atasyndan ýüz tapman, sürüp enesiniň ýanyna bardy. Ol aýdar:

– Ene, bilermi sen näler oldy?
Gök ýüzünden a:l ganatly Ezraýyl uçup geldi.
Meniň döşüme basyp mündi,
Harladyp, janymy alar boldy.
Atamdan jan diledim, bermedi.
Senden jan dilärem, ene, janyňy maňa berermi sen?
Ýogsa-da, “Ogul, Däli Domrul!” diýu aglarmy sen?
Ajy dyrnak ak ýüzüňe çalarmy sen? 
Garga kibi gara saçyň ýolarmy sen, ene? –

diýdi.
   Enesi oňa bir söz diýmiş, göreliň, ne söýlemiş. Enesi aýdar:

– Ogul-ogul, aý ogul!
Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul,
On aý diýende, dünýä ýüzüne getirdigim ogul,
Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim ogul,
Akja burçly hysarlarda tutulaýdyň, ogul,
Sasi dinli gäwür elinde tussag olaýdyň, ogul,
Altyn akja güýjüne sygyban, seni gutaraýdym, ogul,
Ýaman ýere barmyş sen – bara bilmen.
Dünýä şirin, jan eziz, janymy gyýa bilmen,
Belli bilgil.

   Enesi hem janyny bermedi. Ezraýyl Däli Domrulyň janyny almaga geldi.
   Däli Domrul aýdar: 
   – Aý, Ezraýyl, aman! Taňrynyň birligine ýokdur güman.
   Onda Ezraýyl aýdar:
   – Ýeri Däli, indi nä aman dilär sen? Ak sakgally ataň ýanyna bardyň, jan bermedi. Ak bürenjekli eneň ýanyna bardyň, jan bermedi, dagy kim saňa öz janyny bersin?
   Däli Domrul:
   – Hesretim bar, şony aýtsam! – diýdi.
   Ezraýyl aýtdy:
   – Ýeri, Däli, hesretiň kimdir? 
   – Meniň ýat gyzdan halalym (halalym: nikaly aýalym – A.Welsapar) bar! Ondanam iki oglum bar, bir-de amanatym (amanatym: gyzym – A.Welsapar), olara [soňky] sargydymy etsem, senem şondan soň janymy alsaň.
   Däli Domrul sürdi, aýalynyň ýanyna geldi, aýdar:

– Bilermi sen näler boldy? 
Gök ýüzünden a:l ganatly Ezraýyl uçup geldi,
Meniň göwsüme basyp gondy,
Meniň datly janymy alar boldy.
Atamyň ýanyna bardym, jan bermedi,
Enemiň ýanyna bardym, jan bermedi, 
“Dünýä şirin, jan süýji” diýdiler. 
Indi ýüksek gara daglarym saňa ýaýlag olsun,
Sowuk-sowuk suwlarym saňa içit olsun,
Teble-teble şabaz atlarym saňa minit olsun,
Altyn tüýnük ak öýüm saňa kölge olsun,
Hatar-hatar düýelerim saňa ýüklet olsun,
Agylda akja goýnum saňa şüwlen olsun,
Gözüň kimi tutarsa, köňlüň kimi söwerse, sen oňa bargyl.
Iki oglanjygymy oňsuz goýmagyl –

diýdi. Onuň aýaly söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş:

– Ne diýer sen, ne söýlär sen?!
Gözüm açyp gördügim!
Köňül berip söwdügim!
Goç ýigidim, şa ýigidim!
Datly damak berip, soruşdygym,
Bir ýassykda baş goýup, emişdigim!
Garşy ýatan gara daglary senden soňra men neýlärem?
Ýaýla:r olsam, meniň görüm olsun,
Sowuk-sowuk suwlaryň içer olsam,
Meniň ganym olsun!
Altyn akjaň harçlar olsam,
Meniň kepenim olsun,
Teble-teble şabaz atyň müner olsam,
Tabytym olsun!
Senden soňra bir ýigidi söwüp barsam, bile ýatsam,
Ala ýylan bolup meni soksun!
Seniň ol muhannes eneň-ataň bir janynda ne bar, 
Saňa gyýmandyrlar!
Arş tanyg /şaýat/ olsun!
Kürs tanyg /şaýat/ olsun! 
Ýer tanyg /şaýat/ olsun!
Gök tanyg /şaýat/ olsun!
Kadyr Taňry tanyg /şaýat/ olsun!
Meniň janym, seniň janyňa gurban bolsun! –

diýip, janyny bermäge razy boldy.
   Ezraýyl ol aýalyň janyny almaga geldi. Emma adamsynyň ýoldaşyna gözi gyýmady. Ol Hudaýa ýalbardy: 
   – Eý, uly Taňrym! Uly ýollar üstünde seniň üçin ymaratlar saldyraýyn, aç görsem, doýraýyn – seniň üçin; ýalaňaç görsem, don ýapaýyn – seniň üçin; alsaň, ikimiziň janymyzy bile al, goýsaň, ikimiziň janymyzy bile goýgul! – diýdi.
   Däli Domrulyň bu sözleri Hudaýa hoş ýakdy, ol Ezraýyla buýruk etdi. 
   – Däli Domrulyň atasynyň, enesiniň janyny al, ol iki halala ýüz kyrk ýyl ömür berdim! – diýdi. Ezraýyl onuň ata-enesiniň janyny aldy.
   Mundan soň Däli Domrul öz ýoldaşy bilen ýüz kyrk ýyl ýaşady. 
   Dädem Gorkut gelibän, boý-boýlady, soý soýlady:

– Bu boý Däli Domrulyňky olsun!
Ony menden soňra alp erenler söýlesin!
Alny açyk jomart erenler diňlesin!
Ýom bereýin hany: ýerli gara daglaryň ýykylmasyn!
Kölgelije gaba agajyň kesilmesin!
Dolup akan görkli suwuň guramasyn!
Kadyr Taňry seni namarda zar etmesin!
Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk, kabul olsun!
Ýygsyn, düýrsün, günäňizi 
Ady görkli pygamberimiz dep etsin, hanym heý!

Kaynak: edebi.net

 

 


BÖLÜM: Dəstan,