تورک بالاسی TÜRK BALASI

TÜRK DÜNYASI UŞAQ ƏDƏBİYYATI

BEREMENLI SAZANDALAR

+0 BƏYƏN

 

BEREMENLI SAZANDALAR

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir degirmençi bar eken. Degirmençiniň bir eşegi bar eken. Ol duşbi hem güýçlümişin. Eşek bütin ömrüni arkasynda agyr unly haltalary daşap, degirmende işlap geçiripdir. Indi bolsa janawer garrapdyr. Hojaýyny eşegiň güýçden galyp, işe ýaramaýanyny görüp, ony aç saklapdyr. Ýagdaýy gün-günden erbetleşensoň, eşek eýesin-den gaçyp gidýär.

Eşek: "Indi nirä giderkäm? Men bir sandan galan ahyry" diyip, gama batýar. Soňra bolsa: "Gel, gowusy, men Bremen şäherine gidip, ol ýerde şäher sazandasy bolaýyn" diýen netijä gelýär.

Şundan soňra eşek Bremen şäherine ýola duşýär. Ol birnäçe wagtlap ýol ýöräninden soňra onuň öňünden bir tazy çykypdyr. Tazy köçede mejalsyz ýatyrmyşyn. Eşek:

- Eý, tazy, sen näme üçin beýle haslap ýatyrsyň? Saňa näme boldy? - diýip sorapdyr.

Tazy:

- Ýadadym, juda ýadadym. Men şeýle bir köp ylgadym welin, ine şonuň üçinem haşlaýaryn - diýip jogap beripdir.

Eşek:

- Eý, tazy, sen näme üçin beýle ylgadyň? - diýip sorapdyr.

- Wah, eşek dost, sen bir maňa haýpyň gelsin.Men bir awçynyň öüýnde uzak wagtlap onuň hyzmatyny edip geldim, indi bolsa garrap, güýç-gurbatdan galypdyryn. Oňki ýaly awa ýaramok.Şonuň üçinem hojaýynym meni öldürjek boldy. Men ondan soňky demimde zordan sypyp gaýtdym. indi hem bolsa alaçsyzja gama batyp ýatyryn.

- Bilýäňmi, näme - diýip, eşek taza yüzlendi. Men şäher sazandasy bolmak üçin Bremen şäherine barýaryn. Belki, senem meniň bilen gidersin?! Men-ä gitara çalarýn, senem dep kakarsyň.

Tazy diýseň begenipdir. Ol eşek bilen yola düşyär. Olar gidip barýarkalar öňlerinden bir gaýga batyp oturan pişijek çykypdyr. Eşek:

Ey, pişijek, sen näme gam-gussa batyp otyrsyň? diýip, pişigiň halyndan habar alypdyr.

Pişijek:

- Men nädip gaýga batmaýyn. Maňa rehimiňiz gelsin, dostlar. Biler bolsaňyz öňler men syçan tutup hojaýynymyň göwnünden turýardym. Indi men garrapdyryn, dişlerimem kütelipdir. Ine, şonuň üçinem meni hojaýynym derýada gark etjek boldy. Men gaçyp, ölümiň öýünde gutuldym. indi bolsa näme etjegimem bilemok -- diýip jogap beren.

Onda eşek oňa-da:

- Ýor, gowusy, biz bile Bremen şäherine gideli.Ol ýere baryp, şäher sazandalary bolaly. Seniň gowy sesiň bar. Şonuň üçin senem ökde sazanda
bolarsyň -- diýipdir.

Bu teklip pişiğiň göwnüne ýarapdyr. Ol hem eşekdir tazy bilen Bremen şäherine tarap ýola düşüpdir. Bir howlynyň ýanyndan geçip barýarkalar, olar derwezäniň üstünde aglamjyrap gygyryp duran bir horaza duş gelipdirler.

Eşek:

Ey, horazjyk, sen näme beýle zaryn aglaýarsyň? Saňa näme boldy? diýip, oňa ýüzlenipdir.

- Wah, men aglaman, kim aglasyn! Men öňler öz şirin owazym bilen wagt hakda hojaýynlaryma habar berýärdim. Emma, ynha ertir ýekşenbe güni
hojaýynym myhman garşylaýar. Şolara nahar taýyarlamak üçin ol aşpez aýala şu gün agşam meni soýmagy buýruk berdi. ine, şonuň üçinem men hesretimi içime sygdyryp bilmän, aglap gygyrýan-da. Ýeri, indi men näme etmeli?

-   Eý, horaz gel gowusy, biz bile Bremen şäherine gideli. Ol ýere baryp, şäher sazandalary bolały. Seniň gaty gowy sesin bar. Eger-de biz saz bilen meşgullansak, onda biziň işimiz şowuna bolar.

Horaz:

-  Bolýa-da, ýörüň gideliň -- diýip jogap beripdir.
Şeýdip, olar dört bolup ýollaryny dowam etdipdirler. Olar Bremen şäherine bir günün içinde ýetip bilmändirler. Agşam düşensoň, gijelerini geçirmek üçin bir tokaýa giripdirler.

Eşek bilen tazy bir uly bagyň aşagynda, pişik hem bir şahanyň üstünde ýerleşýär. Horaz bolsa agajyń çür başyna münüp, daş-töweregine seredip başlaýan. Seretse, golaýda bir yşyk görnüpdir.

-  Serediň, ol ýerde yşyk görünyär     diyip, horazjyk gygyrypdyr.

Eşek bolsa:

Bu yşygyň nämedigini hökman bilmeli. Belki, golaýda bir jaý bardyr - diyipdir.

Tazy hem:

-Belki, ol jaýda suňk-saňk ýa biraz et bardyr. Men ony hezil edip iýerdim -- diýipdir.

Şundan soň olar sol yşyga tarap yola düşüp-dirler. Biraz wagt geçensoň olar garakçylaryň öýüne ýetýärler. Ýaňky yşyk hem olaryň jaýynyň penjiresinden düşyän eken.

Eşek jaýyň ýanyna baryp, apişgesinden jyklapdyr.

- Sen ol ýerde näme görýärsin? - diýip, tazy sorapdyr.

- Bezelen saçagyň başynda garakçylar üýşüp, iýip-içip otyrlar -- diýip, eşek jogap beripdir.

Horaz bolsa:

- Bu biziň üçinem erbet bolmazdy - diýipdir.
Eşek hem:

- Bizem şu wagt sol ýerde bolaýsadyk-da -diýipdir.

Şeýdip, haýwanlar garakçylary öýden kowmagyń usulyny gözläp başlapdyrlar. Birneme pikirlenip, olar ahyry bir çykalga tapypdyrlar.

Eşek ýuwaşlyk bilen öňki aýaklaryny penjiräniň öňünde goýupdyr. Tazy eşegiň arkasyna münüpdir. Pişik itiň arkasyna böküpdir. Horaz bolsa uçup, pişiğiň kellesine münüpdir.

Edil şol wagt olaryň bary ala-goh bolşup, güýçli gygyrypdyrlar: eşek aňňyrypdyr, tazy üýrüpdir, pişik mawlapdyr, horaz bolsa şaňňy sesini edipdir. Onsoń, olar penjireden jaýyň içine kürseşip girip-dirler.

Şolbada garakçylar gorkup, tokaýa gaçyp gidipdirler.

Eşek, tazy, pişik we horaz bolsa saçagyň başyna geçip, naharlanyp başlapdyrlar. Sebäbi dört hepdeläp aç gezensoňlar, olaryň garny eljuk diýýär eken.

Garynlaryny doýransoň olar çyrany öçürip, hersi özüne rahat bolar ýaly ýer saýlapdyr.

Eşek dersin üstünde süýnüpdir. Tazy gapynyń agzynda ýatypdyr. Pişik pejiň üstünde ýygrylypjyk ýatypdyr. Horaz bolsa pürsüň üstünde ýerleşipdir. Olar uzak ýolda ýadansoňlar, çalt uka gidipdirler.

Garakçylar bolsa tokaýda gizlenip, öz jaýlaryna syn edip otyrypdyrlar. Öýde çyranyň öçenini gören garakçylaryň baştutany garakçylaryň birini öýde näme bolup geçýändigini bilmäge iberipdir. Belki, olar biderek gorkandyrlar. Ol öýe baryp, ýuwaşlyk bilen gapyny açyp aşhana giryär. Görse, pejiň üstünde iki sany yşyjyk bar. Garakçy: "Bular közjagazlardyr, häzir men olar bilen ýonuşgajygy ýakaryn" diýip pikir edýär. Ol ýonuşgajygy şol "közjagaza" degirýär, onuň közjagazlar diýýäni pişiğiň gözleri eken. Pişiğiň gahary gelip, ýerinden tarsa turup pyşgyrypdyr-da, garakçyny penjeläpdir.

Garakçy gapa tarap at salypdyr. Gapyda tazy onuň aýagyndan ýarypdyr. Garakçy näme etjegini bilmän, howla tarap ylgapdyr. Bärde bolsa ony eşek depipdir. Garakçy derwezä tarap eňipdir. Ol ýerde bolsa horaz gaty sesi bilen "gyky-gykuw" diýip, gorkuzypdyr.

Garakçy aýagaldygyna ylgap, tokaya tarap okdurylypdyr.

Ol garakcylaryň bastutanynyň ýanyna gelip:

- Eý hökümdarym, biz uly betbagtçylyga uçrapdyrys. Biziň öýümizde elhenç bir jyn bar. Ol öz uzyn barmaklary bilen yüzümi dyrnajaklady. Gapyň agzynda bolsa bir adam dur. Ol pyçagy bilen meniň aýagymy ýaralady. Howlymyzda uly bir gara nägehan ýatyr. Ol meni tomman taýak bilen urdy. Tamyň üstünde bolsa maslahatçy otyr. Ol hem: "Getirin bäri hilegäri" diýip gygyrdy. Şeýdip, men zordan gaçyp gaytdym -- diyip gürrüň beripdir.

ine, şondan soň garakçylar bu tokaýdan ýok bolup gidipdirler.

Bremenli sazandalar-eşek, tazy, pişik we horaz bolsa sol jaýda galyp yaşaberipdirler.

Qaynaq: Türkmen Kültür


BÖLÜM: Nağıl,