تورک بالاسی TÜRK BALASI

TÜRK DÜNYASI UŞAQ ƏDƏBİYYATI

Tylla telpek

+0 BƏYƏN


Tylla telpek

Bir bar eken, bir ýok eken, ga­dym wagt­lar­da iki do­gan bar eken. Ola­ryň ulu­sy­nyň al­ty og­ly, ki­çi­si­niň bol­sa al­ty gy­zy bar eken.
Al­ty ogul­ly he­mi­şe: “Al­ty og­lum bar, al­ty ga­lam bar, dün­ýä­de nä ga­mym bar” di­ýer eken. So­ňa­ba­ka al­ty gyz­ly ini­si ýa­ny­na ba­ran­da:
– Hä, al­ty gyz­lym, ge­le­we­ri – di­ýip, gy­jyt­ly gür­lär eken.
Al­ty gyz­ly ini­si mu­ňa na­mys edip, aga­sy­na gö­rün­me­jek bo­lar eken. On­da-da işi çy­kyp, kä­te onuň ýa­ny­na bar­ma­ly bol­ýar eken. Aga­sy bol­sa, ha­ta et­män, ini­si her sa­par ba­ran­da:
– Ge­le­we­ri, al­ty gyz­lym. “Al­ty og­lum bar, al­ty ga­lam bar, dün­ýä­de nä ga­mym bar” diý­me­gi­ni do­wam et­di­rer eken.
Ini­si aga­sy­na:
– Se­niň şu aýd­ýan söz­le­riň ma­ňa ýa­rap du­ra­nok. Dog­ru­sy, ol se­niň özü­ňe hem us­lyp däl. Bu bol­şuň­dan el çek. Se­niň ogul­ly, me­niň gyz­ly bol­ma­gym iki­mi­ziň yg­ty­ýa­ry­myz­da­ky zat däl – di­ýip, her­nä­çe aýt­sa hem ol gu­lak as­maz eken.
Gün­ler­de bir gün şu ze­ýil­li söz­den soň bu­la­ryň ki­çi­si tu­kat bo­lup, öýü­ne ge­len­de, kör­pe gy­zy:
– Bir sa­par däl, iki sa­par däl, agaň­ka gi­dip gel­seň, my­da­ma ýü­züň açy­la­nok. Bu nä­me üçin beý­le bol­ýar, ka­ka? – di­ýip so­rap­dyr. Ata­sy gy­zy­na:
– Bu ýer­de üýt­ge­şik zat ýok. Hem­me­si onuň kel­peň­li­gin­den. Nä­me­miş, ol al­ty ogul­ly, men hem al­ty gyz­ly­my­şym. Bar­sam, gy­jyt be­rip, di­li­ne ço­lap, ýü­re­gi­me düş­ýär – di­ýip dog­ru­sy­ny aý­dan.
– Ka­ka, onuň ýa­ly bol­sa, git­me ola­ra. Bir to­par ýal­ýa­gy­la­ry­ny ma­zam­lap, iliň­kä meň­zeş ogul­la­ry bol­sa, öwün­se-de bo­lar­dy. Ebit­le­ri­ni ag­da­ry­şyp, eşik­le­ri­ni oňa­ra­nok­lar. Aýt, ha­ny, haý­sy­sy ene-ata­sy­nyň eg­nin­den gal­dyrjak. Hol, ga­ra da­gyň aňyr­syn­da bi­rin­de tyl­la tel­pek bar­my­şyn. Git-de agaň bi­len şo­ny ge­tir­me­şek et. Özi ýa ogul­la­ry şol tel­pe­gi ge­ti­ri­bil­se, biz şu oba­dan göç­me­li di­ýip şert­leş. Gö­re­li gaý­rat­la­ry­ny, tel­pe­gi onuň ogul­la­ry­nyň bi­rem ge­ti­ri­bil­mez. Ony sag­lyk bol­sa men ge­ti­re­rin. On­soň agaň di­li se­niň ýa­nyň­da gys­ga bo­lar we mas­ga­ra bo­lup bu ýer­den göç­me­li bo­lar – di­ýip, mas­la­hat be­rip­dir.
Gy­zyn­dan he­ma­ýat­ly söz eşi­den­soň, ini­si aga­sy­nyň ýa­ny­na ug­rap­dyr. Ol ýe­ne-de öň­kü­si ýa­ly öw­nüp baş­la­ýar we­lin, ini­si:
– “Öwü­ne­niň ta­na­py çüý­rük” di­ýip­dir­ler. Men-men­li­giň, öwün­me­giň çe­ni-ça­ky ýag­şy. Se­niň­ki çen­de-çak­da dur­ma­dy. Ogul­ly­ly­gy­ňa buý­sa­nyp, ga­ty köp öwün­ýär­siň we­lin, ogul­la­ryň bi­len me­niň gyz­la­ry­myň iş ba­şa­ryş­la­ry­ny sy­nap gö­re­li. Özem haý­sy ta­rap ök­de çyk­sa, beý­le­ki ta­rap tu­tuş­ly­gy­na şu oba­dan göç­me­li ede­li – di­ýip­dir.
Aga­sy:
– Bol­ýar. Gep şu bol­sun. Se­niň gyz­la­ryň eden işi­ni me­niň ogul­la­rym ba­şar­ma­sa, ola­ryň ýü­zü­ni hem gör­men, şu oba­da-da dur­man – di­ýip jo­gap be­rip­dir.
Ini­si:
– Bol­ýar, şert­leş­dik. Ola­ryň bi­tir­me­li iş­le­rem şu bol­sun. Ana, hol, uly da­gyň aňyr­syn­da tyl­la tel­pek bar­myş. Ogul­la­ryň haý­sy bi­ri eder­men bol­sa, gi­dip, şol tyl­la tel­pe­gi alyp gel­sin. Özi hem her sa­par bir gyz bi­len bir og­lan go­şu­ly­şyp git­sin – di­ýen.
Şeý­le hem ed­ýär­ler. Her sa­par bir og­lan bi­len bir gy­zy at­lan­dy­ryp, tel­pe­giň yzyn­dan iber­ýär­ler.
Bäş sa­par­ky ibe­ri­len bäş og­lan bi­len bäş gyz ýo­luň or­ta­ly­gy­na hem ýe­tip bil­män, yz­la­ry­na gaý­dyp gel­ýär­ler. Ge­zek iň ki­çi gyz bi­len iň ki­çi og­la­na ýet­ýär. Bu gy­zyň do­gum­ly bir ga­ra aty hem bar eken. Gyz ýaş ýi­git ly­ba­sy­ny ge­ýip, ýol üçin azyk-en­ja­my­ny tu­tup, aga­sy­nyň iň ki­çi og­ly bi­len oba­dan çy­kyp gi­di­be­ren. Ga­ty gi­dip, ýu­waş ýö­räp, bir­nä­çe gi­je-gün­di­zi ge­çi­ren­ler. Em­ma do­gum­ly, çy­dam­ly gy­zyň göw­ni bir ýa­ly gi­dip otyr eken. Lä­lik sak­la­nan og­lan we­lin, ýo­luň şa­ty­sy­na çy­da­man iň­ňä sa­paý­ma­ly bo­lan. Ahyr­da hem ýo­la ýa­ra­man, öň­le­rin­den çy­kan bir oba­da ga­ly­be­ren. Gy­zyň ýe­ke özi haý­dap gi­di­be­ren. In­di ga­ra atyň ýol al­şy hem üýt­ge­şik diý­ýär. Ol tü­we­leý ýa­ly bo­lup, sä­hel wagt­da köp der­ýa­la­ry, en­çe­me dag­la­ry yzyn­da gal­dy­ryp­dyr.
Gün­le­riň bi­rin­de gün ýaş­ma­ga az ga­lan wag­ty gyz bir süý­ji suw­ly çeş­mä­niň ba­şy­na ýe­tip­dir. Ol şol ýer­de at­dan dü­şüp, ony gez­di­rip­dir. Otu­na-su­wu­na se­re­dip­dir.
At gy­za:
– Daň at­ma­ga az ga­lan­da, ýo­la dü­şüp ug­ra­sak, ýo­luň üç­den bi­ri­ni ala­rys. Ga­lan iki bö­le­gi­ni hem uzak­laş­dyr­man, şeý­dip ge­çe­ris. Ba­ra­ny­myz­da et­me­li iş­le­ri şol ýer­de aý­da­ryn. Ýö­ne hiç za­dy men­den bi­mas­la­hat et­me­gin – di­ýip tab­şy­ryp­dyr.
Şon­dan soň, tä bar­jak ýer­le­ri­ne bar­ýan­ça­lar, gyz atyň mas­la­ha­ty­na eýe­rip gid­ýär. Go­laý ba­ran­la­ryn­da, at ýe­ne dil­len­ýär:
– Şu dag­dan ge­çe­ni­miz­den soň, gi­den gür bag­lyk bar­dyr. Ba­gyň için­den ge­çip gi­der­siň. Ýö­ne bag­dan ýe­ke­je mi­we-de ýo­laý­ma­gyn. Ýo­lup da­daý­saň, şu ýer­de gal­ma­ly bo­lar­syň. Bag­dan çy­kan ýe­ri­miz­de ga­ty oňat sal­kyn, owa­dan jaý­lar ga­bat ge­ler. Şol jaý­la­ryň için­de bi­ri aý­ra­tyn saý­la­nyp du­ran­dyr. Onuň ga­py­syn­da bol­sa syr­dam boý­ly gör­me­geý bir ýi­gi­de duş ge­le­ris. Şo­nuň ba­şyn­da­ky tel­pek se­niň alyp gaýt­ma­ly tyl­la tel­pe­giň­dir. Ýi­gi­diň ýa­ny­na ba­ra­nyň­dan, ýe­re dü­şüp, edep bi­len gö­rüş­gin. Elin­den tu­tup gör­şe­niň­den ol: “Bu og­lan däl­dir, gyz­dyr” di­ýip pi­kir eder. Şo­nuň üçin mäh­ri­ban­lyk bi­len sa­ňa: “Ge­liň, myh­man bo­luň, gö­züm üs­tün­de or­nu­ňyz bar” di­ýip, myhman edin­jek bo­lar. Oňa myh­man bol­gun. Ýog­sam, ol tel­pe­gi ele sa­lyp bol­maz. Ýi­gi­diň soň­ky he­re­ket­le­ri ba­ra­da ma­ňa aý­dyp du­rar­syň. Ol se­niň gyz­dy­gy­ňy, däl­di­gi­ňi bil­jek bo­lup, her hi­li hi­le­ler eder. Biz hem şo­ňa gö­rä bol­ma­ly bo­la­rys.
Gyz aty­nyň di­ýen­le­ri­ni ýa­dyn­da sak­lap sü­rü­ber­ýär. Ga­ra atyň aý­dy­şy ýa­ly bol­ýar. Gyz dag­dan, bag­dan ge­çip, ýi­gi­de duş­ýar. Ýi­git gör­şen­de ikir­jiň­le­nip, gy­zy mä­hir­li ka­bul ed­ýär.
– Aty­ňy­zy hol ýa­tak­da da­ňa­ýyň! – di­ýip, ýer gör­kez­ýär. Gyz aty­ny da­ňyp, gül­li ýo­run­ja be­rip, myh­man ýe­ri­ne bar­ýar. Çaý iç­ýär­ler, on­ýan­ça-da na­har ýe­tiş­ýär. El ýu­wup, na­har edin­ýär­ler. Ag­şam bu­la­ryň her­si bir jaý­da ýat­ýar.
Ýi­git şun­ça syn et­se hem myh­ma­ny­nyň gyz­dy­gy­ny su­but eder ýa­ly ýe­ke­je de­lil hem tap­ma­ýar. Ol er­tir­ki na­har­dan soň:
– Men şu­ja­gaz ýe­re ba­ryp ge­le­ýin, aýyp­laş­ma­we­ri, der­rew ge­le­rin – di­ýip, öýün­den çy­kyp gid­ýär.
Ýi­git oba­la­ryn­da­ky bil­gi­jiň ýa­ny­na ba­ryp:
– Er­kek eşi­gin­de bir myh­ma­nym bar. Onuň bi­len il­ki sa­lam­la­şyp gör­şe­nim­de, gyz­dyr öýt­düm. Özi aý­ra­tyn owa­dan hem örän sy­rat­ly. Ýü­zün­de­nem nur da­myp dur. Eger şol gyz bol­sa, ma­ňa dün­ýä­de şon­dan baş­ga maş­ga­la ge­rek däl. Onuň gyz­dy­gy­ny ýa-da og­lan­dy­gy­ny nädip tanap bo­lar? – di­ýip so­ra­ýar.

Bilgiç ýigide:
– Onuň bilen bazara git. Bazarda hem köplenç gyzylly şaý, monjuk satylýan ýerde gez. Gyz bolaýsa, gözi gyzylda, şaýda we monjukda bolar. Belkem, saklanyp bilmän, şol zatlardan satyn hem alar – diýýär.
Ýigit gelip, gyza:
– Bikärligi halamaýaryn, ýör, bazara gideli – diýýär.
Gyz hem:
– Bolýar men atyma ot bereýin. Soň ötägideris – diýýär we baryp, atyna maslahat salýar.
Gara at oňa:
– Bazarda gyz esbabyna başyňy galdyrmagyn, ýigit hödürlese hem almagyn – diýip sargaýar.
Öý eýesi ýigit bazarda ýoldaşynyň şaý-sep bilen höwesiniň ýokdugyny aňyp, her hili hileler bilen aldyrjak bolýar.
Onda ol gyz:
– Meniň gyz bezemek işim ýok. Ol zeýilli zatlary alyp ýörmek, biziň ýaly ýaş oglana gelşikli zat hem däl. Gowusy, at satylýan bazary göreli, bazara gowy at düşmedimikä? – diýip, başga tarapa tutýar.
Bilgijiň çaky çykmaýar. Oglan bazardan lapykeç bolup gaýdýar.
Gelip nahar edinenlerinden soň, ýigit ötünç sorap, ýene bir ýaňa gidýär.
Gyz hem:
– Men hem atyma ot döküp geleýin – diýýär-de, gelip atyndan maslahat soraýar.
– Uýanymy başyma sal-da, şonuň ujuny we gamçyny eýeriň gaşyna ildir. Keçämi hem syrtyma kemsiz bökder. Aýagymy-da çöşüp goý. Siz tirkeşip, howzuň başyna baranyňyzda, men hem görünmän beýle ýanyňyza baryp duraryn. Şol wagt sen ylla telpegi al-da, derrew üstüme mün. Ondan soňkusyny özüm oňararyn – diýen.
Ýigit bilen gyz howza tarap ugraýarlar. Şol wagt gyz:
– Atym boşanypdyr. Men ony derrew daňyp geleýin – diýip, telpegi alyp ata münýär-de gaçýar.
Ýigit ylgap öýe barsa, myhman ol ýerde-de ýok. Ýataga barsa, at-da ýok. Ylgap jaýynyň üstüne çykýar, gö-rünýän zat ýok. Gapdaldaky daga çykýar, allaowarradan garynja ýaly bir zat gaýyp barýar diýýär. Hasyr-husur atlanyp, yzyndan kowýar. Bir daga çykanda seretse, ara has daşlaşypdyr. Agşama çenli kowup, bir daga çykyp se-retse, garasyny hem görüp bilmändir. Onsaň lapykeç bolup yzyna gaýdan. Daňdanlar bilgiji turzup, ýagdaýyny aýdan.
Bilgiç diňläp bolup:
– Indi howlukma. Ýol şaýyňy kemsiz tutup, obama-oba sorap gitmeli bolarsyň. Diňe şeýtseň, telpek alanyň, hut, öz öýüne myhman bolarsyň. Tylla telpek belli zatdyr, her wagt hem tapylar – diýýär.
Gyz şol gidişine baryp agasynyň altynjy oglunyň galan ýerine ýetipdir. Ideg-sorag edip tapsa, egin-eşikden çykyp, hor-homsy ýaşap ýören eken.
Gyz ony geýindirýär, garnyny doýurýar. Özüni oňat tutansoňam:
– Arkaňa tagma basdyrsaň, öýňüze alyp gitjek. Ýogsam sen oba baryp ýalan sözlärsiň – diýýär.
Oglan:
– Horlaman öýümize eltseň bolýar, tagmaň näçe bolsa basyber – diýip, razy bolýar.
Gyz bolsa barmagyndaky ýüzügini gyzdyryp, onuň ýagyrnysyna iki gezek tagma basýar. Soň bolsa kä ata mündürip, kä pyýada ýöredip, öz ýany bilen obalaryna alyp gaýdýar. Obalaryna ýetip barýarkalar, oglanyň atasy bularyň öňünden çykýar. Görseler, gyz atygsaman gelipdir. Tylladan telpek hem başynda. Oglan welin burnuny syksaň, jany çykjak diýýär. Atdan-a deregem ýok. Şeýle-de bolsa öýlerinde, atasy ýagdaýyny soranda:
– Ol ýerlere baryp geljek bolsaň, atyňdan, eşigiňden dynanyňa kaýyl bolaýmaly, ol ýolda özüni oňarmadygyň ölüp galaýmagam daş däl. Başymdan nägadar horluklar geçdi, bolsa-da buýran ýumşuňyzy bitirdim, tylladan tel-pegi men getirdim. Gyz çydaman, ýolda galdy. Gaýdyşyn gözläp tapmak uly hyllalla boldy. Geýip gelmäge utanyp, tylladan telpegi hem hol ýerik gelenimizde gyza geýdiräýdim – diýip, öwnüp jogap beripdir. Atasy şobada inisiniň üstüne gidip, oňa oglunyň aýdan zatlaryny aýdypdyr-da:
– Gyzyň orta ýolda galandygy onuň ýüz-gözünden hem görnüp dur. Ol çigit ýalyjak hem horlanmandyr. Telpegi meniň oglum getiripdir – diýip, yzyndanam:
– Indi tylla telpegi bärik ber-de, özüňem gyzlaryňy al-da, obadan göç! – diýip, inisine haýbat atyp ugrapdyr.
Onýança tylla telpegi getiren gyz ara düşüp, özi bilen bile giden ýigidiň şu ýere getirilmegini talap edipdir. Ony derrew getiripdirler. Gyz ýigide wakanyň nähili bolanyny märekäniň öňünde aýtmagy özem galat geplemezligi buýrupdyr. Emma ol ýigit ýüzüni aşak salyp, ýene-de kakasyna aýdan sözlerini gaýtalanmyş. Gyz deliliniň bardy-gyny aýdypdyr. Ýigit şondan soň, aýak üstünde hem durup bilmän, şalkyldap aşak gaýdypdyr.
Ýigidiň masgara bolup barýan kakasy hem gyssanyp gyza:
– Deliliňi aýt, deliliňi! Deliliň bolmasa sözüňe ynanjak däl – diýip gygyrypdyr.
Onda gyz:
¾ Köýnegini çykar-da, ýagyrnysyny gör. Ynha, şu barmagymdaky ýüzügimiň möhüri ýalpyldap durandyr. Men ony “ýalan sözlese, subut etmek üçin gerek bolar” diýip basypdym – diýýär.
Ýigidiň kakasy derrew oglunyň arkasyny ýalaňaçlap görýär welin, ýüzügiň möhüri ýalpyldap duranmyş.
Onsoň ol gyjalata galyp, inisine:
– Meniň ogullarym seniň gyzlaryňça bolmady. Men utuldym. Bu ýagdaýda göçüp gitsem, ogullarymyň gyzça bolmandygy uly ile äşgär boljak. Sen meniň bilen deň bolma. Men bu obadan göçmäýin. Mundan beýläk öwün-mäýin, günämi geç – diýip, ýalbarmaga başlaýar. Emma tylla telpegi getiren gyz:
– Är lebizden, koý bogazdan – diýip, agasynyň sözüni kesýär-de, yzyna ugradyp goýberýär.
Tylladan telpegi aldyran ýigit hem uzak eglenmeýär-de, onuň gözlegine çykýar. Ol az ýöräp, köp ýöräp, sorag-ideg edip, telpegi alyp gaýdan gyzyň obasynyň çetinden gelýär-de, bir adama myhman bolýar. Agşam otyrkalar, myhman ýerinden:
– Obaňyzda tylladan telpek geýip gelen ýigit boldumy? – diýip soraýar.
– Tylladan telpek getiren boldy, ýöne ol oglan däldir, gyzdyr. Özi hem pylanynyň gyzydyr – diýýär we onuň telpegiň yzyndan näme maksat bilen gidendigini, özüniň oňat hem arassa maşgaladygyny aýdyp berýär.
Ýigit salgyny alyp, gyzyň öýlerine ýetip barýarka, gyz ony öňürti görýär-de, doganlaryna oňa oňat hezzet-hormatlar etmeklerini sargaýar. Özi hem ýigit eşigini, tylla telpegi geýip, onuň ýanyna barýar. Olar gadyrly görşüp salamlaşýarlar. Öý eýesi bu sapar uzak eglenmän, gyzdygyny boýun alýar.
Gyz telpegini çykarýar welin, saçlary lowurdap, eginleri bilen tolkun atyp gidýär. Bu ýagdaý öňem gyzdan gözüni aýryp bilmän oturan ýigidi tolgundurýar.
Myhman ýigit üç günden soň gyza göwnündäkini aýdýar.
Gyzyň kakasy ýaşlara uly toý tutup berýär. Birnäçe güne çeken toýdan soň bolsa, gyzy hem ýanyna goşup, ýigidi uly hormat bilen öz ýurduna ugradýarlar. Olar sag-aman baryp, maksat-myratlaryna ýetýärler.


BÖLÜM: Nağıl,