Ýartygulak
Ýartygulak
Biri barmyş, biri ýokmyş. Öñde bir daýhan adam barmyş. Onyñ aýaly göwrelimiş.
Günlerde bir gün ol daýhan degirmene uwn üwetdirmäge gidende, yzyndan ogly bolupdyr. Ýañy bolan oglanyñ ululygy edil ýarty gulak ýaly diýär. Şoña görä oña Ýartygulak diýip ad beripdirler.
Ýartygulak, bolan badyna dil açyp:
- Eje, eje, aý eje dädem(kakam) nirä gitdi? diýip sorapdyr.
Ejesi oglunyñ bolan badyna gepläp başlamagyny geñ görüp, ör-gökden gelipdir-de:
- Dädeñ(kakañ) degirmene uwn üwetdirmäge gitdi- diýip aýdypdyr.
- Men-de degirmene gitjek!- diýip, Ýartygulak jedir-jedir edipdir.
Ejesi:
- Wiy, üweden uwnyny getirmäge dädeñe(kakaña) ulagam gerekdir. Hanha ýatakda düyämiz gäwüş gaýtaryp çöküp otyr. Şony mün-de ötägit-diýipdir.
Ýartygulak düyäni gazygyndan boşadyp, üstüne böküp münüpdir-de onuñ ýüñlek boýnuna dyrmaşyp, gulagyna baryp giripdir.
Düýe uly ýoluñ ortasy bilen degirmene tarap gidip barýarka, ýoluñ gyrasynda oynap ýören bir topar oglan:
- Ynha bir boş düýe gelýär!- diýişip, ony saklapdyrlar.
Ýartygulak:
- Häý, bezzatlar, goýberiñ düýäni!- diýip gaharlanypdyr.
Oglanlar töwereklerine baksalar-da, hiç kime gözleri düşmändir.
- Be, bu ses niýreden gelýärkä?- diýişip, gorkularyna düyäni öz ugruna goýberip, gaçyp gidipdirler.
Ýartygulak düyäni sürüp, degirmeniñ agzyna barypdyr-da:
- Däde(kaka)!-diýip gygyrypdyr.
Ýartygulagyñ dädesi(kakasy) bolsa oglunyñ bardygyny bilmänsoñ, ses bermändir.
- Aý, däde, haw!- diýip, Ýartygulak ýene-de gygyrypdyr.
Yyzyndan ogly bolup, onuñ eýýam gepläp bilyändiginden habarsyz Ýartygulagyñ dädesi (kakasy):
- Bä, meniñ oglum ýokdy-da. Bu meni çagyrýar- diýip, degirmenden çykanda, Ýartygulak:
- däde(kaka) hany bärräk gelsene!- diýip, ýene-de gygyrýar.
- ” dädem(kakam) gelse gorkuzaýyn”-diýip Ýartygulak düyäniñ gulagyndan tawsup düşüp, bir gysym otuñ aşagynda gizlenýär. Edil şol wagtam düýe Ýartygulagyñ giyzlenip ýatan otuny agzyna alyp, çeynäp-çeynemän yuwdup goyberýär.
Ýartygulagyñ dädesi(kakasy) görse, ýeke düýeden başga hiç kim ýok diýär.
Ol:
- Oglum, oglum!- diýip seslenende, Ýartygulak düyäniñ içinden:
- Däde(kaka), men düyäniñ içinde, meni düýe idi- diýip jogap berýär.
Ýartygulagyñ dädesi(kakasy) uweden uwnyny düýesine yükläp, öýne dolanyp gelýär.
Aýaly öñünden çykyp:
- Oglumy hem getirdiñmi?- diýip soraýar.
Ýartygulagyñ dädesi(kakasy):
- Oglumyz-a düýe idi- diýip habar berýär. Ýartygulagyñ ejesi nätjegini bilmän boýur-boýur ýaş döküp aglaýar. Soñra är-aýal Ýartygulagy tapmak üçin düýelerini öldürüp, içegelerini bir-bir barlaýarlar. Şol barlap oturşlaryna: ”Aý, zat ýokdur-da” diýip, bir bölek içegäni zyñyp göýberýärler. Ýartygulak şonuñ içindemiş. Olar ogullaryny tapman, gynanyp oturýarlar.
Şol agşam bir aç möjek düyäniñ soylan ýerine gelip, ýañky bölejik içegäni iýipdir. Möjek soñra bir çopanyñ goynuny darajak bolup barypdyr.
Ýartygulak möjegiñ niýetini añlap:
- Haý, çopan, how! Goynuñ gitdi, how!- diýip gyygyrmaga başlaýar.
Çopan hem:
- Aý, bir öwejiñ bar kowaweri!- diýip itlerini küşgürip, möjegi kawalapdyr.
- Haý-haý!- diýip, Ýartygulak hem gaçyp barýan möjegiñ içinden gopgun turzupdyr. Goyun iymekden biyzar, möjek zordan özüni gutarypdyr.
Aç haltyldap ýören möjek ýene bir çopanyñ sürüsiniñ üstünden barypdyr. Möjek sürä ýakyynlaşanda, ýene:
- Aý, çopan, how! eşitmedim diyme, how, goyny möjek aldy, how!- diýip gygyrypdyr. Çopan hem:
- Aý, bir öwejiñ bar, kowaweri!- diýip tagyna ýapyşyp gygyrypdyr. Ýartygulak hem:
- Haý-haý!- diýip, möjegiñ içinden gopgun turzupdyr. Möjek ol çopanyñ daýaw itinden zordan gaçyp gutulypdyr. Möjek başga süri goyunlara baranda ýene-de goyun awlap bilmän aç galypdyr. Ahyry ol belanyñ öz içindendigini bilip:”Men indi bu beladan nädip sypyp bilerinkäm?...” -diýip, pikir edip, esli wagt ýatypdyr, bir tebiyp tilkiniñ ýanyna baryp:
- Ey, tilki dost, meniñ içimde bir bela bar. Ajymdan surnugyp, haýsy sürüniñ golaýyndan barsam:” Haý çopan, haw, goynuñ möjek aldy, how!...” diýip gygyrýar. Yndi bäş günüñ içidir, bir alaç et-de, em-yom salgy ber- diýip ýalbarypdyr.
Onda tilki:
- Yçiñdäki belanyñ emini tapsam bir goyun berermisiñ?- diýipdir.
Möjek:
- Wah, tilki dost, iki goyun diyseñem bererin! Ýöne şu belany dep etseñ bolýar!- diýip, söz beripdir.
Onda tilki:
- Gury sözden goyun bolmaz, möjek dost, diliñden hat ber- diýipdir. Möjek hat beripdir. Tilki oña:
- Ey, möjek dost, sen bir suwjak bulamak iç-de, birnäçe gezek ýapyýokaryk ýört, şonda içiñdäki bela gaçsa gerek- diýipdir.
Tilkiniñ maslahatyny eşiden Ýartygulak:
- Ey, tilki, tilki! Başyna turşusy çykan tilki! Bu içmäge bulamak tapýan bolsa, şu güne düşermidimi?- diýip möjegiñ içinden seslenipdir.
Şonda möjek:
- Ey, tilki dost, göryäñmi meniñ günümi, dad günüme! diýip gözlerini ýaşardyp gepläpdir.
Tilki möjegiñ gözýaşyny görüp:
- Ey, möjek dost, sataşan belañ-a gaty ýaman, ýöne sen günorta bolanda üzümli baglyga bar-da biyşmedik, horarak üzümlerden köp iýi. Yçiñdäki belañ bolsa jany çykýança gyygyrsa-da gyygyrybersin. Günortan sakçy-da, iti-de bolmaz: Birden eşidip gelselerem tä golaýlaýança gaçma, üzümden köpräk iyjek bol- diýipdir.
Möjek üzüm baga baryp iymäge başlanda, Ýartygulak bar sesi bilen:
- Aý, üzüm eýesi! üzümiñi ogry iýip gutardy- diýip gyygyrypdyr. Üzüm eýesi gelyänçä, möjek bir-iki düyp üzüm iýipdir. Şol wagt bag eýesi gelip, yuwaşja möjege ýakynkaşyp, taýak bilen kebzesine ýapypdyr. Möjek birden ikä böküpdir, şol böküşde Ýartygulak onuñ içinden çykypdyr.
Ýartygulak möjegiñ içinden çykandan soñ bir üzümiñ düybinde ýatypdyr. Soñra üzüm eýesiniñ üzümli sebediniñ içine giyripdir. Ol adam öýüne ugraýar. Bag eýesi ýol boyy aýdym aýdyp barýar. Ol her aýdym aýdanda, Ýartygulak:
- Jan, jan sag bol!- diýip gyygyrýar.
Üzüm eýesi:” Yyzymdan biyri gelyändir”-diýip, iyzyna baksa, hiç kimi görmändir. Soñra:” Aý, göwnümedir-de...”-diýip ýene aýdyma başlaýar. Ýartygulak ýene-de:
- Jan, jan sag bol!- diýip gyygyrýar.
Üzüm eýesi yuwaş-yuwaş gorkup başlalaýar. Aýdym aýytmagy hem goyup,çalasym ýöräp, öýne gelýär. Ýartygulak sebetden çykyp, öýüñ içindäki çuwalyñ aşagyna giyrip ýatýar.
Üzum eýesi heleyine bakyp:
- Men ýolda jyna sataşdym- diýär. Heleyi onuñ üstüni iki gat yorgan bilen basyrýar. Goñşulary hem, pylan aga jyn görüpdir diýişip, gelip onuñ halyny soraýarlar.
Üzüm eýesiniñ öýüne şol agşam üç-dört sany myhman hem gelipdir. Olar garyplary talap ýören garakçymyşlar. Olaryñ talap alan zatlarynda üzümçiniñ hem paýy barmyş.
Ögrular giycäniñ ýaryna çenli nirede, nähili ogurlyk edenleri hakynda sakyrdaşyp, Ýartygulagy hem ýatyrmandyrlar. Olar uwklanlarynda Ýartygulak çuwalyñ aşagyndan çykyp, olaryñ sakgallaryny ikibiyr-ikibiyr, biyr-biyrine dañyp çykypdyr, ogry şärigi bolan üzüm eýesiniñ sakgaly bilen heleyniñ saçyny hem bir dañypdyr. Biraz wagtdan soñ ogrylaryn biyri daşaryyk çykjak bolupdyr ol bir ýoldaşy:
- Sakgalymy göýber, how! Hey sakgaldanam bir oyun bolarmy- diýip, ýerinden galypdyr. Bularyñ galmagalyna, ol biyrsi hem turup:
"Göýber sakgalymy"- diýipdir. Ogrular biyr-biyrini yumruklap başlapdyrlar. Öýüñ içi ala-galmagal bolupdyr. Bularyñ galmagalyna är-heley hem oýanypdyr. Äri aýalyna:
- Ey, heley, sakgalymy göýber- diýipdir. Bularyñ galmagallaryna goñşulary gelip olary aryşdyrypdyr.
Galmagal köşesenden soñ, Ýartygulak ýene çuwalyñ aşagyna giyrip ýatypdyr. Emma ogrular ýatmandyrlar. Olar:
- Bu öýüñ indi mazasy gaçdy, biz çaltrak bu ýerden gideyli diýişip, dañ ataryna garaşman, gaçyp gidipdirler.
Mihmanlar gidenden soñ, öýüñ aýaly:
- Öýmizdäki jyny kawmasak, indi bize rahat bolmaz. Molla agany getirip okadaýsak nähilli?- diýipdir.
Äri: " Boljak"- diýär.
Öýüñ aýaly mollañ ýanyna ugranda, Ýartygulak onuñ arkasyna münüp, ýalygynyñ(gyyñajynyñ) arasyna giyzlenipdir.
Aýal mollanyñ ýanyna baryp:
- Molla aga biziñ öýmize jyn giýiripdir, bize gün berenok, kömek et- diýipdir.
Molla ol aýalyñ aklyk üçin getiren düwünçegine gözüniñ gyytagyny aýlap:
- Ba-ha, jyn gaty erbet zatdyr, ony okyp kawmasak, ýöne-möne doga peyda bermez- diýip, aýaly bir çola jaýa eltip, okyp başlanda, Ýartygulak olaryñ ikisine-de bildirmän, mollanyñ sellesiniñ ortarasyna münýär. Molla: "Aguz billahy..." diýip başlanda, Ýartygulak hem onuñ depesinden oturan ýerinde agzyna öýkenip, bogazyna sygdygyndan gyygyrýar.
Molla okymakdan elli biyzar bolup:
- Bu ne bela? Bu indi seni okytdyrmaz. men saña derrew bir dogajyk ýazyp bereyin-de diynaýyn- diýip, hasyr-husur bir bölejik kagyzyñ yüzüni garalap:
- Yne, şu iki dogany al-da git, biyrini äriñ dakynsyn, biyrini hem özüñ dakyn- diýip, getirlen aklygy alyp, aýaly ugradyp göberipdir.
Ýartygulak onuñ sellesiniñ üstünden düşmändir. Molla öz ýanyndan jyn aýal bilen gidipdir diýip, agşam namazyny okymak üçin metjiyde baryp, jemagata imamlyk etmekçi bolupdyr.
Molla, adamlaryñ öñüne geçip:
- "Allahy äkber!"- diýip, ýañy bir mañlaýny ýere goymakçy bolanda, Ýartygulak hem onuñ bilen birlekde:
- "Allahy äkber!"- diýär. Birnäçe gezek şeýle bolandan soñ, molla öz içinden;” meniñ imamlygma göwnüýetmezçilik edip, arkamda duranlaryñ biyri bilgeşleyin gyygyrýar”- diýip, pikir edipdir-de, gaharlanyp çykyp gidipdir. Yyzyndaky jemagat hem: ” molla heniyz mañlaýny ýerden galdyran däldir”- diýip, mañlaýlaýlarny ýerden götermän, esli wagt ýatypdyrlar. Ahyrda olaryñ biyri başyny göterip görse, öwlerinde molla ýok diýär. Ol muny başgalara-da habar berýär. Olar:" biziñ mollamyz dälridimyka?..." diýişip, metjiytden çykyp, dargaşyp gitýärler.
Şol agşam mollanyñ aýaly özleri hem sopylary üçin çüyçeli palaw, gullukçylar üçin bolsa uly bir gazan kädili bulamak bişirýär. Ýartygulak:” iyşi edyän-ä olar, palaw iyyänem bular, men siziñ aryñyzy alyp bererin, gullukçy doganlar!... diýip, içini gepledýär. Gün ýaşyp, molla bilen aýaly uwka gidende, Ýartygulak mollanyñ sellesini aýalyna, aýalyñ alyndañysyny hem molla geydirýär. Är-aýal iyrden turup, biyr-biyrleriniñ yüzüne geñ galyp bakýarlar. Molla aýalyna:
- Näme beyle seredyäñ, meñ yüzümden aý görjek bolýarmyñ?- diýär.
- Men-ä seniñ başyñdaky alyndaña bakýaryn!- diýip, aýaly jogap berýär.
- Men-de seniñ selläñe seredýärin!
Aýaly:- Seredseñ seredip geç! diýär
Är-aýal dawalaşyp, ýañy ütmeleşjek boluberende, goñşy obadan bir atly gelip, nikä gyydyrmak üçin, mollany toýa çagyryp gitýär.
Toy. Nika. bol nahar. Aklyk... Molla şu zatlary göz öñüne getirip, sellesini alýar-da, ýol şaýyny tutup, ugruýar. Ýartygulak hem sellesiniñ depesine gonýar.
Ýartygulak mollanyñ sellesiniñ süyri depesinde daş-töweregine sin edip barýar. Molla eşegini dikgirdedip, toy ýerine ýakynlaşyberende, Ýartygulak, mollañ selesinden düşüp, eşegiñ guyrugyndan asylyp, eşegi dürtüp göýberýär. Eşek muña jidaman, bökýär-de mollany doly çuwal ýaly edip, gaty ýere urup gaçyp gitýär.
Ýartygulak toy ýerine ugraýar. Baryp görse, toy eýesi uly bir baý diýär. Bu baý özüniñ ýekeje ogluny öýerip duranmyş
Ýartygulak öýüñ artbagyş gamşynyñ gatlaryndan sümüp, durluk arasynda jaýlaşyp, içerik seredýär. Ol öýde täze alnyp getirlen gelin otyranmyş. Başga öýde bolsa ýaşullar bilen ýañky molla gürrüñ edip otyr diýär.
Ýartygulak oturan gyzlary kiçiräjik taýak bilen dürtüp başlaýar. Gyzlar bu iyşi biýi-biyrinden görüp, gaharlanyşyp, çykyp gidipdirler. Gelniñ ýeke özi galypdyr.
Gün öýleden agandan soñ, molla yigit bilen geline nika gyymak üçin iki sany adamyny pyýadakazy belläp, iyşe başlaýar. Mollanyñ bellän pyýadakazylaý çümre bürenip tersine bakyp oturan geliniñ ýanyna gelip:
- Gelin, nika wekiylçiliñizi biziñ haýsymyza beryäñiz?- diýip soraýarlar.
Gelin bürenip, geplemän aglap otyr diýär . Birnäçe sapar gaýtalanan soraga jogap bolmansoñ, Ýartygulak:
- Şol kel hem mañkaly ogluñyz üçn biyriñize-de wekiylçiligimi berjek däl!- diýär. Pyýadakazylaryñ yürekleri ýarylara gelip, añk-tañk bolup galýarlar.
Şol wagt bir aýal gelip, gelni irjak bolup, höre-köşe edýär. Gelin bolsa aglajagyny-da, güljegini-de bilmän, öñküsi ýaly bürenip otyrýar. Heniyz gelinden jogap bolmanka, ýene Ýartygulak:
- Bolmaz, bolmaz! Sözüm birdir! Diydim, diydim, indi gaýtalap alman! diýip gyygyrýar.
Geliniñ daşyna yygnan gelinler hem gaýra çekişip durýarlar-da:
- Bu gelin samsykmyka, nämeka?- diýişýärler.
Molla hem oturan ýerinden:
- Gelin bu iyşiñ erbetdir, aýyp bolar!- diýär.
Onda Ýartygulak:
- Asil sen ýaly adamyyñ gyýan nikasy maña gerek däl!- diýär.
Molla: Toba tagsyyr, bu ne belady!- diýip, sesini çykarmaýar.
Adamlar:
- Yndi gün ýaşdy, bu sähetli gün geçdi, nika ertiyre galmaly boldy- diýişip dargaşýarlar. "Munuñ soñy näme bolarka?" diýip, gelinler bolsa tomaşa etmäge galýarlar.
Ýartygulak şol wagt tüynüge çykýar.
- Yndi maslahat näme?- diýip toy eýese baý aga, molladan soraýar.
Molla:
- Bu gün nika gyyp bilmedik, öýlenjek yigit gelniñ ýanyna baryp, kellesini görkezsin, yogsam "kel, kel" diýip ol pahyry biyzar etdiler.
Muny eşiden Ýartygulak:
- Aý, gelin, baýyñ kel ogluny giyzläp, ýerine başga bir kellesi saçly yigidi görkezjek bolýarlar- diýip gyygyrýar.
Adamlar haýran galyp, ýokarlaryna seredseler, hiç kime gözleri düşmeýär. Olar bu nämäniñ sesika diýişip, gorkup başlaýarlar. Molla hem:
- Bu jyn gapdalmyzdan aýryljak däl, bu bizden näme isleýarka?-diýär.
Toy eýesi:
- Bolmasa okýap kawsana!- diýip, oña maslahat berýär.
Onda molla:
- Wah, men ony ozalam okydym, gaýta meniñ özümi eýerläp mündi. Bir giyje garnymyza münüp, tas bogup öldürýärdi- diýär.
Baý:
- Onda indi näme edmeli?- diýär.
Molla:
- Güyçli mollalary yygnap, birleşip okymaly- diýär.
Baý mollalaryñ iñ güyçlilerinden dört sanysyny derrew çagyrýar. Olar bilen bile bir porhan-da gelýär. Öýüñ bir ýan duwlunda bäş sany molla birleşip doga okymaga başlaýarlar. Öýüñ beyleki duwlunda bolsa porhan:
- Aý, pylan jülgeden, goçum gel! Aý, pylan dereden perilerim, gel!, Aý, pylan depedäki jynlarym, gel!- diýip, düw-düw edip, gyygyryp böküp-oynap agzyny köpürjedip başlaýar.
Ýartygulak bolsa:
- Hany göreyli, seniñ jynlaryñ nähiylli zatka?- diýär.
Ýartygulak gaty ýadaw bolansoñ, derrew uwka gitýär. Birden-ikä oýanyp, öz ýanyndan:" öýüñ içi jyndan dolandyr, porhanyñ jyny, perisi, goçy nähiylli zatka bir göreyin"- diýip. aşak baksa, porhanyñ kellesi gyzyp, gyykylygy öñküden yüz esse artypdyr. Düwläp iki tarapa urnup, öýi göçürjek bolýar. Mollalar bolsa gara derlerini saçyp, heniyzem bogazlaryna sygdyklaryndan doga okyp, daşyndakylar bolsa, irkilşip otyyrlar diýär. Şolardan başga öýüñ içinde jynam ýok, peri hem ýok, goçam ýok.
Giyje ýarymyndan geçenden soñ, halyys sütügi süynen porhan sesine bir dyynç berýär-de:
- Baý aga, gördüñmi, nätdim! Neniñ jynlarym ýerlerinden gozganyp başlanda, ol jyn gidiberendir. Meniñ jynlarym, perilerim gelip, ol jyny eyyäm ala dagdan aşyryp gelipdir-diýär.
Molla hem bada-bad söze goşlup:
- Biziñem dogalarmyzyñ hem güyçli kömegi degendir- diýär. Şol wagt Ýartygulak olaryñ geplerine gülküsi tutýar. Adamlar geñ galyp, titreşýärler.
Porhan:
- Gorkmañ, bu meniñ iñ uly jynymdyr, ol, bu ýañky jyny kawany üçin begenip gülyändir- diýär.
Şondan soñ adamlar bir az arkaýyn bolýarlar.
Porhan:
- Baý aga, maslahat bolsa men-ä jynlarymy gaýtarjak- diýär.
- Gaýtar, gaýtar- diýip, baý oña rugsat berýär.
Jin belasyndan dynyp, öýe çaý-nahar getirýärler. Nahary iýip bolanlaryndan soñ, öýüñ bir ýan duwlunda düşek salyp ýatýarlar. Gelniñ ýanynda iki sany gyz ýatýar. Ýadaşan adamlar derrew uwklaýarlar.
Ýartygulak aşak düşýärde, torbadaky päkini alyp, ýatan mollalaryñ daşyna geçýär."Bissimilla" diýip, ilki başda molladan başlap, onuñ uzyyn çal sakgalyny syyrýar, onuñ eñegini taýpy ýaly edenden soñ, beyleki mollalaryñ sakgallaryny biyr-biyr siyryp çykýar, ýöne iñ kiçi mollañ murtuny siyryp, sakgalyny azarak gyrkýar. Soñ bolsa porhanyñ ýanyna baryp:" hany jynly bolýan bolsañ, jynlaryñ ýetişsin bakaly"- diýip, onuñ sakgalynyñ sag gapdalyny düybünden aýryp, sol tarapyny goyýar.
Ýartygulak,Toyda öldürlen mallaryñ pökgerşip ýatan garynlaryndan iki sanysyny alyp, geliniñ ýanynda süyji uwkuda ýatan gyyzlaryñ kellelerine geydirýär-de, börüklerini aýryp, başga ýerde giyzleýär. Soñ mollalaryñ sakgallaryny alyp, geliniñ eñegine ýelmeýär, iñ kiçi mollanyñ murtuny hem geline murt edýär, galan tüyden bolsa baýyñ sakgalyna ýelmeýär, baýyñ uzyyn sakgaly bolýar. Şondan soñ Ýartygulak:
- Hop, indi iyşimi bir laý bitirdim- diýip, ýene tüynüge çykyp oturýar.
Dañ atyp, jahan ýaýylýar. Öý eýeleri, mihmanlar örüp başlaýarlar. Hemmeden öñ gelin oýanýar. Ýatan gyyzlaryñ kellelerindäki garny görüp, hiyç kime duydurman mys-mys gülýär.
Şol wagt baýyñ aýaly turup:
- Aýuw, bu sakgalyñ ne beyle uzalypdyr?- diýip hor çekip ýatan ärini iralaýar. Baý gözüni açalak-yumalak edip:
- O, seniñ göwnüñedir- diýip, ýene beylesini dönüp ýatýar. Soñ baý turup, öz boyy bilen deñ sakgalyny görüp, näme diyjegini bilmeýär. Şol wagt porhan hem turup, eñegi yyldyrap duran mollalary görüp, hahahaýlap gülmäge başlaýar. Ol öz içinden:” bu haýsy edepsiziñ iyşikä?... diýip, oylanyp duwrka, mollalar hem porhanyñ yüzüne siñe-siñe seredişip, birden gülüp başlaýarlar. Porhan bir aýna tapyp, ilki öz yüzüni görüp, soñra mollalara berýär. Mollalar ýeke-ýeke aýna seredişip, öz yüzlerini görüp, başlaýarlar. Gyyzlar bolsa özlerinden habarsyz, geliniñ sakgal, murtuny görüp, birden gorkup, gaýra çekilýärler.
Onýança baýyñ aýaly:
- Ýarylyp ölenler siziñki näme?-diýip gyygyrýar.
Onda gyyzlar:
- Geline sakgal-murt çykypdyr- diýärler.
Baýyñ aýaly:
- Goyuñ saçy kesilenler, men sizden kelläñize geýeniñiz näme diýip soraýan! diýip, aýnany ellerine berýär.
Gyzlar kellelerindäki garny görüp, öýlerine tarap gaçýarlar. Gelin hem sakgal-murtuny aýnadan görüp, öz-özünden gorkýar. Derrew sakgal-murty goparyp aýyrýar. Edil şol mahal düynki jynly gürrüñ nähiyl bolduka diýip, aýal-erkek dumly-duwşdan gelmäge başlaýar. Niyrä gitjeklerini bilmän duran porhandyr mollalar, baýyñ berjek sowgat-serpaýyndan elli biyzar bolup, öýden çykýarlar-da gaçyp gitýärler. Öýde diñr baý, onuñ aýaly hem gelin galýar.
Baý uludan dem alyp:
- Bizi bu beladan gutaran adam bolsa, näme diyse bererdim- diýär.
Ýartygulak tüynükden:
- On öweç diyse-de berermiñ?- diýär.
- Wah, on bäş diyse hem bererin- diýär.
Ýartygulak: Sözuñ, söz bolsun! Sözüñ-de tapylgyn!- diýip, öýlerine gaýtýar.
Ýartygulak uly ýoluñ ýaksy bilen barýarka, iyzyndan bir atly ýetýär, ol atly hem Ýartygulaklaryñ öz obalaryndan bolup, ýañky toydan gaýdyp gelyänmiş. Ol atly Ýartygulagyñ duwşuna gelip, atynyñ gowşan çekisini çekmäge durýar. Ýartygulak şol wagt görünmän atyñ guyrugyndan asylýar. Ol adam atyna münüp, ugranda, atyñ üstüne böküp çykýar. Şeýlelik bilen Ýartygulak atly öýlerine ýetýär.
Ýartygulak ene-atasy bilen gujaklaşyp, salamlaşýar. Olar Ýartygulagyñ gelenine begenýärler. Soñra Ýartygulak başyndan geçirenlerini biyrin-biyrin gürrüñ berip:
- Däde, pylan çopanda bir öweç, ýene bir çopanda bir öweç, üçünji çopanda hem bir öweç algyymyz bar- diýip, bir topar çopany sanap çykýar.
- Sen baryp, möjek kowanmyz üçin bermeli öwejiñizi beriñ diýi-de, şol çopanlardan goyunlary al, soñ bolsa pylan baýyñ öýüne bar-da jyn kowanmyz üçin bermeli öweçleriñi ber diýip aýt, olary hem alyp gaýt- diýip dädesini iyberýär.
Dädesi gelip, çopanlardan hem baýdan almaly öweçleri alyp, olary bir süri edip, öýüne dolanýar.
Ýartygulak hiç haçan erbet iyş etmeýär, dogra-dogry, egrä-egri diýär, her kimiñ aýbyny öz yüzüne aýdýar, yüreginde öýke-kiyne saklamaýar, hiyle-mekirlige ýol bermeýär, ahyr soñunda hem uly iyliñ minnetdarlygyny hem hormatyny gazanyp, maksat-myradyna ýetýär.