Satyn alnan akyl
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir garyp är-aýal bar eken. Bular gije-gündiz hars urup işleseler-de iki çagasyny ekläp bilmän, garagüne galyp ýörenmişler. Günleriň birinde äri aýalyna:
– Men beýleki obalara aýlanyp göreýin, munymyzdan düşewüntliräk iş tapsam, göçüp gideli – diýen.
Aýaly:
– Gitseň git. Aýlanyp gör, belki, gowy eklenç taparsyň – diýipdir.
Garyp goňşularyndan üç teňňe karz alyp, ýola düşüpdir. Birnäçe obany aýlanyp, iliň nähili eklenç edýänini görüpdir. Ýöne hiç ýerde-de bolelinlik ýokdugyna göz ýetirip, öz iline dolanypdyr. Ol ýolda bir aksakgal adama duşup, hal-ahwal soraşypdyr. Özüniň eklenç gözläp çykandygyny aýdypdyr. Aksakgal oňa:
– Akyl satýan, oglum, eklençden galdym – diýen.
– Akyly näçeden berýäň?
– Biri bir teňňe.
Garyp oňa bir teňňe beripdir welin, aksakgal:
– Günüň ýaşan ýerinde ýat – diýen.
– Barymy şu?
– Hawa, bir teňňä düşýäni şol.
Garyp ýene bir teňňe beripdir weli, goja:
– Myhman bolan ýeriňde ýarygijeden soň ýat – diýen.
Garyp barja puluny harçlap, goja bilen sagbollaşypdyr-da, ýoluny dowam edipdir. Ol Gün ýaşanda bir obanyň çetinden baryp, bir kempiriňkide myhman bolupdyr. Gojanyň beren akylyny ýatlap, garyp ýarygijä çenli ýatmandyr. Gije ýaryma ýetiberende, daşarda hyşy-wyşy ses eşidipdir. Garyp ýuwaşlyk bilen turup, penjireden seretse, iki adam bäş düýe ýüpek parçany getirip, kempiriň agylynyň daşynda üýşüp duran dersiň aşagyna süsdüripdirler-de, üstüne çöp-çalam taşlaşdyryp gidipdir. Garyp muny kempire-de aýtman, ýerine geçip ýatypdyr. Ertir hanyň ýasawullary:
– Kimiň myhmany bar bolsa, kim del adam görse, köşge alyp barsyn – diýip, obama-oba aýlanyp başlapdyrlar. Del adam bolsa, köşge eltilipdir. Kempirem garyby alyp barypdyr.
Han:
– Pylan ýurtdan gelen abraýly söwdagäriň bäş düýe ýüpek parçasy ogurlanypdyr. Haýsyňyz alan bolsaňyz aýdyň. Bolmasa, hamyňyzy küle serdirerin – diýip, ýygnanan adamlara haýbat atypdyr. Hiç kimden ses çykmansoň, garyp:
– Ony özüm-ä alamok. Alany–da tutup berip biljek däl. Ýöne harytlary tapyp bereýin – diýipdir-de, onuň bukulan ýerini görkezipdir. Han oňa bir ýyl güzeran görer ýaly altyn beripdir. Garyp ony alyp:
– Söwda jüpüne düşdi – diýen.
Han garybyň bu sözüne geňirgenip:
– O nähili söwda? – diýip, müňkürlik bilen eňipdir. Garyp oňa akyl söwdasy barada gürrüň beripdir weli, han gülüp, hezil edinipdir. Oňa ýene bir gysym altyn beripdir.
Boş jübi altyndan dolansoň, garybyň göwni göterilip, bazara ylgapdyr. Dili süýjän garyp, nar satyp oturan biriniň ýanyna baryp:
– Işsizlikden elim gijäp dur, ýaşuly! Iş bar bolsa, mugt edip bereýin – diýipdir. Bu şadyýan kişi nar satýan goja diýseň ýarapdyr-da:
– Hakyňy üstüniň sagboly bilen bererin. Geç, hany, tereziň başyna. Men bir ýaplanyp çaý içeýin – diýen.
Garyp gojanyň naryny satyp beripdir. Iň soňuna gezek gelende, goja “Bu çagalaryňa” diýip, oňa eslije nar beripdir.
Ol ýyldan – bu ýyla nar dadyp görmeýän çagalary garybyň gözüniň öňüne gelip, begenjine ökjesi ýere degmän, ýeňil gopup, bazara aýlanypdyr. Bu ýerden alybilen zadyny alyp, guş bolup uçup, garypja çatmasyna ýetipdir. Heniz ellerine altyn pul düşüp görmedik är-aýal örän begenipdir we çagajyklaryny naharlapdyr.
Şeýlelikde, bu är-aýal çagajyklary bilen aksakgal gojadan satyn alan akylynyň arkasyndan hor-zar bolman, bagtly ýaşapdyrlar.
Qaynaq: zamanturkmenistan.com