تورک بالاسی TÜRK BALASI

TÜRK DÜNYASI UŞAQ ƏDƏBİYYATI

Jadyly sözüň güýji /جادیلی سؤزون گوجو

+0 BƏYƏN





Erteki - Jadyly sözüň güýji

تورکمن ناغیلی - جادیلی سؤزون گوجو




BÖLÜM: Çizgi Film, Nağıl,

آق پامیق (تورکمن فیلم) Akpamyk -Türkmen film

+0 BƏYƏN






آق پامیق (تورکمن فیلم)
تورکمن خالق ناغیلی

Akpamyk

Türkmen halk ertekisi




BÖLÜM: Film,

مأممت‌جان- چؤره‌گینگ تاغامی (تورکمنجه چیزگی فیلم)

+0 BƏYƏN



Mämmetjan Çöregiň Tagamy 

مأممت‌جان- چؤره‌گینگ تاغامی




BÖLÜM: Çizgi Film,

تورکمن خالق إرته‌کی‌سی : بؤوِنجیک / Türkmen halk ertekisi - Böwenjik

+0 BƏYƏN



تورکمن خالق  إرته‌کی‌سی : بؤوِنجیک 
Türkmen halk ertekisi - Böwenjik

 
…Tak-tak etdim, dalagy iýdim, pök-pök etdim, böwregi iýdim, gagyldap oturan gargany iýdim, eşeklije babany iýdim, köşeklije maýany iýdim, on oglany orup iýdim, kyrk gyzy gyryp iýdim...
تاق-تاق إتدیم دالاغئ  ایدیم. پؤک-پؤک إتدیم بؤورِگی  ایدیم. غاغئلداپ اوْتوُران غارغانئ ایدیم. إشِکلیجه بابانئ ایدیم. کؤشِکلیجه مایانئ ایدیم. اوْن اوْغلانئ اوْروُپ ایدیم قئرق غئزئ غئرئپ ایدیم...



BÖLÜM: Çizgi Film,

Tylla telpek

+0 BƏYƏN

Tylla telpek

Bir bar eken, bir ýok eken, ga­dym wagt­lar­da iki do­gan bar eken. Ola­ryň ulu­sy­nyň al­ty og­ly, ki­çi­si­niň bol­sa al­ty gy­zy bar eken.
Al­ty ogul­ly he­mi­şe: “Al­ty og­lum bar, al­ty ga­lam bar, dün­ýä­de nä ga­mym bar” di­ýer eken. So­ňa­ba­ka al­ty gyz­ly ini­si ýa­ny­na ba­ran­da:
– Hä, al­ty gyz­lym, ge­le­we­ri – di­ýip, gy­jyt­ly gür­lär eken.
Al­ty gyz­ly ini­si mu­ňa na­mys edip, aga­sy­na gö­rün­me­jek bo­lar eken. On­da-da işi çy­kyp, kä­te onuň ýa­ny­na bar­ma­ly bol­ýar eken. Aga­sy bol­sa, ha­ta et­män, ini­si her sa­par ba­ran­da:
– Ge­le­we­ri, al­ty gyz­lym. “Al­ty og­lum bar, al­ty ga­lam bar, dün­ýä­de nä ga­mym bar” diý­me­gi­ni do­wam et­di­rer eken.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Nağıl,

گؤیچک پاطما‌نئنگ ناقئلی

+0 BƏYƏN

گؤیچک پاطما‌نئنگ ناقئلی

بیری بارمئش، بیری یوق مئش، بیر کیشی بارمئش. بو کیشی‌نینگ بیر عایالی و شول عایالدان پاطما آدئندا کؤپ عاقئللی و آوادان غئزی بارمئش. بیر گون پاطما‌نئنگ انه سی ناخوشلانیار و غئزئنا دئییار کی، من اؤلمدن سونگرا آتانگ تأزه زنان آلجاق و او زنان سنی چوخ ائنجئدجاق. امما قارا اینگمیزدن حاباردار بول، اونی اؤزونگ اوتار. غئزئنگ انه سی اؤلیار و آتاسی گیدیپ باشغا بیر عایال آلیار. بو عایالئنگ دا اؤنگکی أریندن بیر یامان غئزی بارمئش. عایال گؤیچک پاطمانی کؤپ اوروپ ائنجئدارمیش . پاطما صابئر ادیپ ، هر گون غارا اینگی اوتارماغا أکیدرمیش . پاطما‌نئنگ انه لیگی اونگا یونگ، داراق بررمیش کی، چؤلده داراپ گتیرسین. پاطما یونگی اینگینگ آغزئنا بررمیش. غارا اینک یونگی یوودئپ، سونگرا حاضئرادیپ آغزئندان چئقارئپ پاطما بررمیش.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Nağıl,

پالتا باتئر ( غئسغا حکایا ) عیدی وکیلی

+0 BƏYƏN

پالتا باتئر

بیری بارمئش، بیری یوقموش.

غوجا دوٌنیأنگ بیر چتینده اوُلئ بیر آغاچ لئق بارمئش. بو آغاچلئق ایچینده یاشایان ائنس و جئنس ـ

اوُلئ وکیچی آغاچلار باشغا جانلئ حایوانلار « اینگ کیچی سئچان دان توت تأ اینگ بییک حایوانلار»

بیلن ده‌نگ یاشایئشدا اسه‌ن آمان خوش یاشایئش ادیپ اوزاق یئللار یاشاپ یؤرأنمیش‌لر.

بولارئنگ آراسئندا بیر واغتدا بیری قئن چئلئق بیلن غارشئلاشایسا بارئ بیر بولوپ بیری ـ

بیرینه غولداولئق ادیپ اوُل قئنچئلئغئ ینگیپ واونگا اوٌستوٌن یؤرأپ ، غوتارانمئشلار.

بولار یاغشئ هم یامان گوٌنلرینده بیری ـ بیری‌نینگ یانئندا بولوپ، یاوار ادیپ ،

غوُلداولئق ادیپ کؤپ یئللار یاشاپ دئرلار.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Nağıl,

چوْپان و پاتیشا

+0 BƏYƏN


چوْپان و پاتیشا 

آمان کِکیلوْو

قادیم واغت بیر غاریپ، 
سیغیر چوْپان بوْلۇپدیر؛ 
قیرق یاشینا باراندا،
اوْل بیر عایال آلیپدیر. 
عایالی هم اؤزی دک 
یۇردۇنگ بللی غاریبی؛ 
ایکیسی‌نینگ بوْلۇپدیر- 
نه غاللاسی، نه قابی. 
اوْجۇق-بۇجۇق آلدیلار، 
یاشانسوْنگلار دؤرت-بأش ییل؛ 
بیر سۆمله‌گه سالماغا 
کؤمکلشدی غاریپ ایل. 
ایکی قوْتۇر گچیدی 
بۇ چوْپانینگ بار مالی؛ 
شوْل گچیلِنگ سۆیدۆندن 
قۇرت ادیأردی عایالی. 
ادن قۇردۇن اندیغان 
تام اۆستۆنده سریأرمیش؛ 
أهیم ادیپ ایت-قۇشدان، 
گۆنده باریپ گؤریأرمیش. 
تیز واغتدان دۇییار-دا 
آزالیانین قۇردۇنینگ؛ 
دیقغات بیلن گؤزلیأر 
سبأبینی اوْل مۇنۇنگ. 



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Nağıl, Şeir,

Çopan we patyşa

+0 BƏYƏN

Çopan we patyşa
(erteki)

Aman Kekilow

Gadym wagt bir garyp,
Sygyr çopan bolupdyr;
Kyrk ýaşyna baranda, 
Ol bir aýal alypdyr.

Aýaly hem özi dek
Ýurduň belli garyby;
Ikisiniň bolupdyr-
Ne gallasy, ne gaby.

Ojuk-bujuk aldylar,
Ýaşansoňlar dört-bäş ýyl;
Bir sümelge salmaga
Kömekleşdi garyp il.

Iki gotur geçidi
Bu çopanyň bar maly;
Şol geçileň süýdünden
Gurt edýärdi aýaly.

Eden gurdun endigan
Tam üstünde serýärmiş;
Ähim edip it-guşdan,
Günde baryp görýärmiş.

Tiz wagtdan duýýar-da
Azalýanyn gurdunyň;
Dykgat bilen gözleýär
Sebäbini ol munuň.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Nağıl, Şeir,

Bagyşlamak

+0 BƏYƏN


Bagyşlamak

Gün­ler­de bir gün mu­gal­lym okuw­çy­la­ra dur­muş ba­ra­da sa­pak alar­lyk­ly tej­ri­be ge­çi­rip gör­me­gi tek­lip ed­ýär. Okuw­çy­lar bu tek­li­bi­ ikir­jiň­len­män ka­bul ed­ýär­ler. Mu­gal­lym:
– Diý­mek, gep­leş­dik. Er­tir äh­li­ňiz ýa­ny­ňyz bi­len bir ki­log­ram kar­toş­ka ge­ti­riň! — diý­ýär.
Okuw­çy­lar bu ýum­şa hiç hi­li dü­şün­me­dik bol­sa­lar hem mu­gal­ly­myň tab­şy­ran ýum­şu­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Mu­gal­lym syn­pa gi­re­nin­de okuw­çy­la­ryň her­si­niň par­ta­sy­nyň üs­tün­de düýnki sargydynyň taýýardygyny görýär. Mu­gal­lym ola­ryň bi­le­si­ge­li­ji göz­le­ri­ne mä­hir­li se­re­dip:
– In­di bol­sa, şu gü­ne çen­li ba­gyş­la­ma­dyk her bir jo­ra­ňy­zyň ýa-da dos­tu­ňy­zyň ady­ny bir kar­toş­ka ýa­zyp tor­ba sa­lyň! — diý­ýär.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Hekayə,

ذهن لی چاغالار

+0 BƏYƏN



کتابینگ آدی: ذهن لی چاغالار(غیسغه اخلاقی ارته‌کی‌لر)
ترجمه ادن : حاجی قلی یولداش
ناشر و چاپه برن: کتاب و قرطاسیه فروشی خیرالدین
نشر تاریخی: 1392 هجری شمسی ییلی
چاپ نوبتی: بیرینجی
چاپ یری: مطبع بشارت، کابل،افغانستان
چاپ ییلی: 1392
چاپ سانی: 1000

یوکله/Yüklə





BÖLÜM: Kitab Yüklə,

Çigit satýan gyzjagaz

+0 BƏYƏN

Çigit satýan gyzjagaz 

Ýowşan Annagurban

Men o gyzjagazy aýazly gyş günleriniň birinde, Aşgabadyň "Parahat" mikroraýonynyň başlanýan ýerindäki jaryň üstünden geçýän köpriniň ýanynda gördüm. Şondanam ol meniň gözümde galdy...

Ir ertirdi. Adamlar işe howlugyşyp barýardylar. Gyzjagaz bolsa, öňüne çaga oturgyçjygyny alyp, köpriniň ýanynda dik durdy. Ýöne duranokdy, çigit satyp durdy. Çepiksije, garajürjenje, alty-ýedi ýaşlaryndaky gyz çaga, ir ertir ýyly düşekde myrlap ýatmaga ýa-da kitaplaryny goltuklap mekdebe gitmäge derek, gyşyň aňzagynda, köpriniň üstüne çykyp çigit satýardy.

Köpriniň hem asfalt ýoluň üstünden taýyp gelýän sowuk ýel gyzjagazyň egnindäki dermantin keltekçedir çit köýnekden göni geçip, arryjak petekäni bir zarbada elesledip alyp, inçejik aýajyklaryny dagam doňara getiren borly, ol duran ýerinde, burny soýuk-sypjyryk köwüşjiginiň bir ökjesine, birem daraklygyna agram berip, özem bilmän çalaja bökjekleýärdi. Başyndaky ýaglyjagam gyşaryp, ony bolşundanam horaşaja, ejiz görkezýärdi.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Hekayə,

BEREMENLI SAZANDALAR

+0 BƏYƏN

 

BEREMENLI SAZANDALAR

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir degirmençi bar eken. Degirmençiniň bir eşegi bar eken. Ol duşbi hem güýçlümişin. Eşek bütin ömrüni arkasynda agyr unly haltalary daşap, degirmende işlap geçiripdir. Indi bolsa janawer garrapdyr. Hojaýyny eşegiň güýçden galyp, işe ýaramaýanyny görüp, ony aç saklapdyr. Ýagdaýy gün-günden erbetleşensoň, eşek eýesin-den gaçyp gidýär.

Eşek: "Indi nirä giderkäm? Men bir sandan galan ahyry" diyip, gama batýar. Soňra bolsa: "Gel, gowusy, men Bremen şäherine gidip, ol ýerde şäher sazandasy bolaýyn" diýen netijä gelýär.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Nağıl,

گچینِم اؤز آیاغیندان آسارلار، قوْینام

+0 BƏYƏN

گچینِم اؤز آیاغیندان آسارلار، قوْینام 
بأهلیلی دانانینگ اینیسی هارۇن رشیت اۇلی پاتیشا اکن. اوْل اؤز آغاسی بأهلیلی دانانی یانینا چاغیریپ: 
- آی، بأهلیلی، سن بۇ دیواناچیلیق-گدایچیلیغینگدان ال چک، اینه، سانگا خازینا، نأمه گرک بوْلسا گؤتر - دیین. 
اوْندا بأهلیلی دانا: 
- آی، پاتیشا، بیز هر نیچیک آغا-اینم بوْلساق، سنینگ پاتیشالیق بیلن قازانان مالی-دۆنیأنگدن چیگیت یالی زات درکار دأل، سن یؤنه منی اؤز گۆنۆمه قوْی - دیییپدیر-ده، اؤزۆنینگ ویرانا هوْولۇسینا اؤتأگیدیپدیر. بأهلیلی دانانینگ هوْولۇسی هارۇن رشیت پاتیشانینگ کؤشگۆنه یاقین اکن. هارۇن رشیت هر گۆن تاغتیندا اوْتۇران واغتیندا بأهلیلی دانانینگ آهی-حاسرات بیلن دادی-پریات ادیپ آغلایان غاملی سسینی اشیدر اکن.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Hekayə,

Geçinem öz aýagyndan asarlar, goýnam

+0 BƏYƏN

 

Geçinem öz aýagyndan asarlar, goýnam




Bählili dananyň inisi Harun Reşit uly patyşa eken. Ol öz agasy Bählili danany ýanyna çagyryp:

- Aý, Bählili, sen bu diwanaçylyk-gedaýçylygyňdan el çek, ine, saňa hazyna, näme gerek bolsa göter - diýen.
Onda Bählili dana:
- Aý, patyşa, biz her niçik aga-inem bolsak, seniň patyşalyk bilen gazanan maly-dünýäňden çigit ýaly zat derkar däl, sen ýöne meni öz günüme goý - diýipdir-de, özüniň weýrana howlusyna ötägidipdir. Bählili dananyň howlusy Harun Reşit patyşanyň köşgüne ýakyn eken. Harun Reşit her gün tagtynda oturan wagtynda Bählili dananyň ahy-hasrat bilen dady-perýat edip aglaýan gamly sesini eşider eken.



آردینی اوخو/Ardını oxu

BÖLÜM: Hekayə,