+0 BƏYƏN

Gojanyň aty
Bir zamanlarda bir obada pukara goja ýaşapdyr. Onuň üýtgeşik ak bedewi bolanlygy üçin, hatda tüçjar baýlaram oňa görübilmezçilik edipdirler. Täjirler bu at üçin iň ýokary nyrh kesipdirler, ýöne garry hemişe: “Bu at ýöne bir atam däl-de, meniň üçin ol ynsan. Eýsem, adam ýaly syzýan dostuňy heý-de satyp bormy?” diýip, jogap berýän eken.
Bu goja ýoksul bolsa-da, atyny satmaga dözmändir. Günlerde bir gün ol bedewiniň atýatakda ýokdugyny bilip galypdyr. Onuň ähli goňşy-golamlary ýygnanyşyp:
– Sen adamyň bideregi ekeniň. Biz iru-giç şu atyň gürüm-jürüm ediljekdigini bilýärdik. Ony satan bolsaň, gowy bolardy. Bu betbagtçylygyň ulusy – diýipdirler.
Goja: – Beýle zatlary samahyllamaň. Diňe bedewiň atýatakda ýokdugyny ýatladaýyň, wessalam. Biziň bilýän zadymyz-a diňe şol, galanlary diňe çaklama. Biz munuň bagtmy betbagtçylykmy ýa-da haýyrmy-şermi nämedigini bilemzok ahyryn, çünki bu diňe bolan waka. Indi näme boljagynam bilýän ýok – diýipdir.
آردینی اوخو/Ardını oxu










