
Garry atanyň nesihatlary
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir patyşa bar eken. Ol patyşa aýal-erkek diýmän, garry adam bolsa, çöle taşladar eken. Bu patyşanyň öz nökerlerinden biriniň garry atasy bar eken. Ol bir gün garry atasyny arkasyna alyp, bir çöle taşlamak üçin ugraýar. Barýarka, halys ýadap: “Bir azajyk dynç alaýyn” diýip, bir tümmegiň üstünde oturýar. Şol wagt atasy lah-lah edip gülýär.
Onda ogly:
- Ata, men seni çöle taşlamaga barýaryn, sen bolsa gülýärsiň-le, bu näme boldugy? - diýipdir.
آردینی اوخو/Ardını oxu