+0 BƏYƏN
Tylla telpek
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym wagtlarda iki dogan bar eken. Olaryň ulusynyň alty ogly, kiçisiniň bolsa alty gyzy bar eken.
Alty ogully hemişe: “Alty oglum bar, alty galam bar, dünýäde nä gamym bar” diýer eken. Soňabaka alty gyzly inisi ýanyna baranda:
– Hä, alty gyzlym, geleweri – diýip, gyjytly gürlär eken.
Alty gyzly inisi muňa namys edip, agasyna görünmejek bolar eken. Onda-da işi çykyp, käte onuň ýanyna barmaly bolýar eken. Agasy bolsa, hata etmän, inisi her sapar baranda:
– Geleweri, alty gyzlym. “Alty oglum bar, alty galam bar, dünýäde nä gamym bar” diýmegini dowam etdirer eken.
آردینی اوخو/Ardını oxu













